Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda medeniýet, ylym, bilim we sport ugurlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2223-nji iýunda Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine garabag bedewini sowgat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherindäki metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp