Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherindäki metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherindäki metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli şäherine baryp, bu ýerde Türkmenistanyň Azerbaýjana ynsanperwer sowgady bolan metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Fizuli şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşy aldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördüler.

Metjidiň gurluşygyna 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanyň Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berilipdi.

Taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär, gurluşyk işleri bolsa “Aga-Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Metjit toplumy 500 adama niýetlenen metjitden, 250 orunlyk sadaka jaýyndan we tärethanadan ybarat bolar. Resmi maglumatlara görä, taslama türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Gurluşyk işleri bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şuşa şäherine ugrady.

Ýene degişli makalalar

Metjide gatnaýan aýal-gyzlar MHM tarapyndan soraga çekilýär
Eýranda 4 Metjit Oda Berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýedäki ýertitremede şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi
“Her molla öz bilenini okar”. Häkimiýetler döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edýär
Lebapda gurlan baş metjidiň bahasy barada täze jikme-jiklikler aýan boldy
Metjitlerde prezidentiň merhum enesine aýat-töwir okamak talap edilýär, toý çäreleri yza süýşürilýär