Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Dubaý şäherinde “Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi anna güni habar berdi.

Hamad Obaýdalla hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurduň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şeýle hem “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň köpüsiniň Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde Aşgabat Dubaý Aşgabat ugry boýunça gatnawlar ýola goýuldy. Şeýle hem Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy anna güni amala aşyryldy.

“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de “Flydubai-yň” okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbiti hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususanda, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenhowaýollary agentligi bilen Dubai Aviation Corporation kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy
Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum: iň möhüm waka bolar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi