Türkmenhowaýollary agentligi bilen Dubai Aviation Corporation kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Türkmenhowaýollary agentligi bilen Dubai Aviation Corporation kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Şu gün — 5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, dünýädäki iri awiakompaniýalaryň biriniň ýokary wezipeli wekili hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Söhbetdeşlikde Hamad Obaýdalla BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň köpüsiniň Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň uly abraýa eýe bolan esasy kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde, häzirki wagtda Aşgabat Dubaý Aşgabat ugry boýunça gatnawlar yzygiderli amala aşyrylýar. Şu gün — 5-nji ýanwarda bolsa Abu-Dabä ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylyp başlandy. Munuň döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.

“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de awiakompaniýanyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbiti hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.Dünýäniň esasy ýolagçy gatnadyjylarynyň we ýük daşaýjylarynyň biri hökmünde “Flydubai” kompaniýasynyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek ulgamynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler hem-de soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum: iň möhüm waka bolar
BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi