Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda Aýatolla Hameneýiniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda Aýatolla Hameneýiniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda ýurduň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Matam çäresi Tährandaky Mosalla Ymam Homeýni metjidinde geçirildi. Metjidiň öňünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi adamlar garşylady. Hormat garawulynyň ýerine ýetirmeginde resmi saz ýaňlandy, soňra bolsa mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow merhum Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna hormat goýup, Beýik Biribardan onuň ruhunyň şat, imanynyň hemra bolmagyny dileg etdi. Şeýle-de ol Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, öz adyndan hem-de tutuş türkmen halkynyň adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Matam çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gynanç kitabynda hem ýazgy galdyrdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen hem duşuşyklary geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Eýran: mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary
Eýranyň Medeniýet merkezinde Eneler we zenanlar güni bellendi
Gurbanguly Berdimuhammedow Eýranyň Prezidenti we Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanlylar Eýrandaky wakalara umytly we aladaly garaýarlar
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Yragyň Eýrana garşy alyp baran söweşi, eziji düzgüniň imperiýa strategiki syýasatynyň netijesidir
Windows 11 (22H2) dünýä indi