Gurbanguly Berdimuhammedow Eýranyň Prezidenti we Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhammedow Eýranyň Prezidenti we Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen gepleşiklerde türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.

Duşuşykda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine üns çekildi. Şeýle hem ýokary derejedäki ynanyşykly dialogyň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparyň dowamynda Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen hem duşuşdy. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirip, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Tährandaky Mosalla Ymam Homeýni metjidinde geçirilen matam çäresine hem gatnaşdy. Ol merhum Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna hormat goýup, gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Eýran: mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda Aýatolla Hameneýiniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşdy
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Yragyň Eýrana garşy alyp baran söweşi, eziji düzgüniň imperiýa strategiki syýasatynyň netijesidir
Windows 11 (22H2) dünýä indi
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň duşmanlara garşy garşylyk ýoluny dowam etdirmäge ünsi çekmekleri
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar