Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän hem-de uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, gyşarnyksyz we maksadaokgunly ösdürilýändigini belledi.

“Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen we hytaý halklarynyň dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk taryhy gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk meýillidigini, şeýle hem syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaýyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaýyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Ýene degişli makalalar

Pekinde Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpin bilen duşuşdy
Pekinde Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Pekinde Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy bilen duşuşdy
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Türkmenpoçta: ýükleri Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly we çalt eltip bermek