Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinde gurbanlyk sadakasyny berdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge şäherinde gurbanlyk sadakasyny berdi

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki günlerde Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti şu gün Mekge şäherindäki Al-Haram metjidinde Juma namazyny okadylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Mekge şäherinde gurbanlyk sadakasyny berdi.

Bu sadaka sapar bilen baran türkmen wekiliýeti, şeýle-de häzirki wagtda mukaddes Käbede Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakyndan ýardam bermeginde haj parzyny berjaý edip ýören türkmenistanlylar we ýerli dindarlar gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, sadakada tebärek çykyldy. Ondan soňra milli tagamlar çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi. Duz-tagam dadylansoň, aýat-töwir okalyp, doga-dilegler edildi.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 29-30-njy iýuny aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary haj parzynyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherinde saparda bolýandygy barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekge şäherinde Gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekgede juma namazyny okady hem-de gurbanlyk sadakasyny berdi
Mekge-Medinä giden türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler
Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý etmeklik başlanýar
Keramatly topraga zyýarat
Serdar Berdimuhamedow Mekgede umra haj parzyny berjaý etdi