Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi

Şu gün Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, ilkinji nobatda Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraply hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşler ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köp ýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BAE-niň bu ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem aýratyn üns berýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar