Gurjak teatrynyň döredijilik topary öz täze işini halkara gözden geçirilişine hödürlemegi göz öňünde tutýar

...Atasy ogly Mämmede: Ine, saňa 100 tylla, bar muňa gara burç alyp sat-da, güzeranyňy dola“—diýip, gaýry bir ýurda ugradýar.

Mämmet ol ýurduň bazaryna barsa, adamlar hümer bolşup dur diýýär. Görse, biri dutarda saz çalmagy öwredýär. Mämmet oňa: 7 günde saz çalmagy öwretseň, 100 tylla berjek“-diýýär.

Mämmet öýüne boş gelýär. Atasy oňa 100 tylla berýär-de ýene gaýry ýurtlara iberýär. Ol bu gezegem hümer bolşup duran adamlary görýär. Barsa biri okamagy-ýazmagy öwredýän eken. Mämmet molla: 7 günde sowat öwretseň, 100 tylla berjek“-diýýär.

Ol ýene eli boş gelýär. Atasy ýene 100 tylla berýär. Gaýry ýurda gelende biriniň küşt oýnamagy öwredýänini görýär. Mämmet oňa: 7 günde küşt öwretseň, 100 tylla berjek“-diýýär.

Öýüne gaýdyp gelensoň ol uzak illere gidýän kerwenbaşa duşýar, olam kezzap bolup çykýar. Kerwenbaşy gidip barýarklar ýol ugrundaky guýularyň birine sallap, onuň içindäki hazynalary çykarsa, olary deň paýlaşjakdygyny aýdýar. ..

Gurjak teatrynda režisýor Ylýas Durdyýewiň şu türkmen halk ertekisiniň esasynda goýan ”300 tylla“ atly özboluşly oýnunyň ýordumy şeýle başlanýar.

Mämmede tozanly çuň guýa sallanyp düşmek gaty kyn düşýär. Mämmediň keşbini döreden Atajan Baýramdurdyýew sahnada hem onuň aňsat düşmänligini aýdýar: ýüp tenini gysyp, dem almagy kynlaşdyrýardy.

Mämmet guýynyň düýbündäki gymmat daşlary sebedi dolduryp ýokaryk iberýär. Ýöne kezzap kerwenbaşy geregini alansoň Mämmedi guýyda taşlap gidýär. Aldananlygyny bilen oglan zaryn-zaryn aglaýar. Köşeşenden soň guýydan çykmagyň ýoluny agtarýar. Bir işige gözi düşüp,ony itýär welin... olam döwüň süreni bolup çykýar.

Sahna bezegini ýerine ýetiren nakgaş Wepa Amansähedow ony özboluşly üýtgeşik çözüpdir. Ol köp tekçeli milli bezegli gadymy şkaf görnüşli köpugurly tuty ulanypdyr. Olaryň biri döwüň ýaşaýan gowagynyň gapysy bolup hyzmat edýär.

Döw duýdansyz gelen myhmana: Saz çalyp, göwnümi awlasaň, seni aman goýaryn“ diýýär. Şu taýda Mämmediň dutar çalmagynyň haýry degýär. Döw oňa degmeg-ä beýlede dursun, gaýta ony kerwenbaşynyň ýanyna-da eltip gaýdýar.

Aýby açylar diýip gorkan kezzap ýene bir al ulanýar—Mämmediň eline hat ýazyp, onu ogullarynyň ýanyna ugradýar. Onda ”Mämmedi öldüriň“- diýip ýazýar. Oglan ony okaýar-da, haty ýyrtyp, ýerine: Bu oglana hezzet-hormat ediň, üç goşawuç tylla beriň“-diýip ýazýar. Ogullary kakasynyň sargydyny geň görseler-de, onuň diýeninden çykyp bilmeýärler.

Mämmet ýene topar bolup şa köşgüne tarap barýan adamlary görüpdir. Hökümdaryň gyzy küşt oýnunda kim özüni bassyr üç gezek utsa, şoňa barjakdygy, utulana jeza berjekdigi barada jar çekdiren. Oňa Mämmedem barýar. Ol şa gyzyny üç gezek utup, oňa öýlenýär.

Bu parasatly türkmen halk ertekisiniň mazmuny Barly bolandan, başarnykly bol“-diýen sözde jemlenen. Mämmet kakasynyň özüne beren puluny bilim-hünäre berýär, bu-da oňa kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ýardam edýär.

Režisýor oýna artistler bilen birlikde planşet gurjaklary hem gatnaşdyrýar. Mämmediň ýatlamalarynda şkafyň bir gözi açylýar-da, belli bir pursatda gurjaklar peýda boýar. Mämmediň keşbini Atajan Baýramdurdyýew, döwüňkini- Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaçary Kakabaýew, kerwenbaşynyňkyny - Türkmenistanyň at gazanan artisti Magtymguly Hudaýberdiýew, şa gyzynyň keşbini Jemile Hojaýewa dagy döredipdirler.

Türkmen halk ertekisiniň esasynda goýlan 300 tylla“ oýnuny Guldurdy Sähetdurdyýew sahna üçin uýgunlaşdyrypdyr, ol gurjak teatrlarynyň halkara gözden geçirilişine gatnaşmaga dalaşgärdir.

Ýene degişli makalalar

Kitap biziň dostumyz
Körpeleriň Aşyr dädesi
Gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylara gyzykly täze ýyl ertekisini sowgat etdi
15.12.2018 | Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary nur saçdy
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Täze möwsümde aşgabatlylar Gurjak teatrynda Arşyn mal alan oýnuna tomaşa edip bilerler