Hytaýda gury ýerdäki iň uly ýel energiýa bekedi işe girizildi. Ýokary tehnologiýaly desga dürli bökdençlikleri öňünden çaklap bilýändigi bilen hem tapawutlanýar.Akylly ýel bekedindäki sensorlar arkaly ähli enjamlar yzygiderli gözegçilikde saklanýar.
State Power Investment Corporation Limited (SPIC) kompaniýasynyň Ýunnan welaýatynyň Sýuszin şäherinde durmuşa geçiren taslamasynyň önümçilik kuwwaty 800 megawata barabar.Jemi 135 turbinadan ybarat bolan ýel bekedi her ýylda 2,06 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürer.
Bu görkeziji her ýylda 641 müň tonna kömürden alynjak energiýa gabat gelýär.Bu bolsa ýylda 1,73 million tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni almaga ýardam eder.
Çaryýar REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.