Guterreş Ukrainanyň Buça şäherinde bolup geçen wakalar barada garaşsyz derňewiň geçirilmegini isledi

Guterreş Ukrainanyň Buça şäherinde bolup geçen wakalar barada garaşsyz derňewiň geçirilmegini isledi

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş ýekşenbe güni Ukrainanyň Buça şäherinde parahat ilatyň öldürilmegi bilen baglanyşykly garaşsyz derňewiň başlanmagynyň zerurdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Guttiereş, Buça şäherinde öldürilen parahat ilatyň suratlaryna özüniň gaty geň galandygyny we garaşsyz derňewiň zerurdygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelinskiý hem ýekşenbe güni rus güýçlerini Ukrainada nesil gyrgynçylykda aýyplady. Zelenskiý Russiýanyň Ukrainadaky jenaýatlary üçin jogapkärleriň hemmesine jeza berilmelidigini aýtdy.

Buça şäheriniň häkimi hem rus goşunyny aýyplamak bilen şu wagta çenli 280 adamy köpçülikleýin mazarlara jaýladyk diýip toslady.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi ýekşenbe güni Ukrainanyň toslamalaryna jogap hökmünde Buçada rus güýçleri tarapyndan parahat ilatyň gyrylmagyny ret etdi.

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi hem, Ukrainanyň Buça şäherindäki wakalara syn bermek üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegini isledi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukraina çözuşynyň dördünji ýyl dönüminde Türkmenistan urşy resmi derejede agzamaýar
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady
"Azatlygyň" habaryndan soň, Berdimuhamedow Ukrainanyň saýlanan prezidentini gutlamaga howlukdy
Russiýa basyp alnan Krymdan goşunlaryny yza çekip başlaýar
Ukrainada galan türkmenler özara raýdaşlyk görkezip, uruşdan gaçmaga çalyşýar
Ukrain we rus daşary işler ministrleri hüjümiň başyndan bäri ilkinji duşuşyk geçirdiler