Guterriş dünýädäki häzirki ýagdaýy dartgynly diýip häsiýetlendirdi

Guterriş dünýädäki häzirki ýagdaýy dartgynly diýip häsiýetlendirdi

Dünýä jemgyýetçiligi häzirki wagt sowuk uruş döwründäkiden hem howply ýagdaýda dur, dünýä ýurtlarynyň arasyndaky bölünişik we agzalalyk soňky 75 ýylda iň ýokary derejä ýetdi.

Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 16-njy fewralda Howpsuzlyk boýunça Mýunhen maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Baş sekretaryň sözlerini DW News neşiri özüniň Youtubedäki ýaýlymynda çap etdi diýip, Izwestiýa ýazýar.

Biz adatdan daşary iki sany aýratyn howp bilen iş salyşýarys: howa krizisi we emeli aňyň gözegçiliksiz töwekgelçiligi diýip, guramanyň ýolbaşçysy nygtady.

Guterriş halkara jemgyýetçiligiň bu görkezilen howplaryň garşysyna täsirli çäre görüp bilmeýändigini görkezdi.

Howpsuzlyk boýunça 60-njy Mýunhen maslahaty 16-18-nji fewralda geçýär. Onuň çäklerinde syýasatçylaryň resmi däl we şahsy duşuşyklary geçirilýär, olarda howpsuzlyk boýunça täze başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň ÝKM-niň raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça güwänamasyna eýe boldy
Azerbaýjanyň paýtagtynda BMG-niň howa boýunça maslahaty dowam edýär
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkiýe Siriýa meselesinde Asudalyk Üçin Çagyryş Etdi
Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy