Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024 atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine salamyny we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga BMG-niň ýokary baha berýändigi bellenildi.

Jenap Žan Todt 2013-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadag bilen geçirilen duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, şeýle hem 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi
BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşlikler aprel aýynda başlanar
Bütindünýä ykdysady forumy başlady
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi