Gyrgyzystan respublikanyň raýatlaryna ýurduň çäginde taýýarlanan pasportlary paýlap başlamakçy. Bu barada TASS habarlar gullugyna ýurduň Prezidentiniň diwanynyň habarlar syýasaty gullugynyň ýolbaşçysy Daýyrbek Orunbekow habar berdi.
Onuň sözlerine görä, öň Gyrgyzystanyň pasporty Germaniýada, şahsyýetnama bolsa, Günorta Koreýada taýýarlanýardy. Bu resminamalary taýýarlamak üçin döwlet tarapyndan 15 milliard som (168 mln amerikan dollary töweregi) sarp edilýärdi diýip, Orunbekow gürrüň berdi.
Täze pasportlar Gyrgyzystanyň Prezidentiniň işleri edarasynyň Uçkun döwlet çaphanasynda çap ediler. Pasportlaryň iki görnüşi ID-karta we daşary ýurt pasporty çap edilip, olaryň goşmaça gorag aýratynlyklary bolar hem-de dünýäde hili babatda iň gowy pasportlaryň hataryna girer diýip, ýolbaşçy nygtady.