Saud Arabystany Dünýä çempionaty-2022-niň janköýerlerini ýurda muzdsuz goýberer

Saud Arabystany Dünýä çempionaty-2022-niň janköýerlerini ýurda muzdsuz goýberer

Saud Arabystanynyň hökümeti futbol boýunça dünýä çempionatyny görmäge Katara gelýän, Fan ID şahadatnamasy bolan janköýerleri ýurda mugt goýberer diýip, hökümetiň kararyna salgylanýan Saud agentliginiň täzelikleri habar berýär.

Katarda Hayya card diýip atlandyrylýan Fan ID janköýerlere dünýä çempionatynyň oýnuna barmak we ýurda girmek üçin zerur.Janköýerlere elektron wizalary resmileşdirmek boýunça ähli çykdajylary Saud Arabystany öz üstüne alýar diýip, habarda aýdylýar.

Ozal Saud Arabystanynyň daşary işler ministrligi Katardaky janköýerleriň milli wiza platformasynyň üsti bilen 60 günlük elektron wiza almak arkaly, patyşalyga gelip görüp biljekdiklerini mälim edipdi. Şunlukda olar çempionat başlanmazyndan on gün öňinçä patyşalyga gelmäge mümkinçilik alarlar we olara ondan öň Katara barmak hökman däl.

Katarda dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçer.

Ýene degişli makalalar

Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Ukraina Saud Arabystany, Katar we Birleşen Arap Emirlikleri bilen dron şertnamasyny baglaşdy
Prezident Erdogan ýokary derejeli gepleşiklerden soň, ABŞ-Eýran diplomatik göçümini goldady
Tramp Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygynyň umuman maslahatlaşylandygyny aýtdy
Ýakyn Gündogardaky urşa garamazdan, Haj parzyny ýerine ýetirýänleriň sany 2025-nji ýyldakydan geçdi
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär