Gyrgyzystanyň eks-Prezidenti Owganystan boýunça ýörite wekil bellendi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili hem-de guramanyň Owganystana ýardam etmek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy wezipesine Roza Otunbaýewany belleýändigini habar berdi. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy 3-nji sentýabrda kanadaly Debora Laýonsyň ornuna Roza Otunbaýewanyň geçendigini habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň “Kabar” agentliginiň maglumatlaryna görä, Roza Otunbaýewanyň ýolbaşçylyk, diplomatiýa, raýat gatnaşyklary we halkara hyzmatdaşlygy boýunça 35 ýyldan gowrak hünär tejribesi bar.Ol Gyrgyz Respublikasynyň (2010-2011) Prezidenti we üç gezek daşary işler ministri bolup işledi.

Roza Otunbaýewa birnäçe ýokary derejeli diplomatik wezipelerde işledi, şol sanda Gyrgyzystanyň Beýik Britaniýadaky, ABŞ-daky we Kanadadaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirdi.Ol Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň filosofiýa fakultetini tamamlady we filosofiýa boýunça doktorlyk derejesine eýe.

Gyrgyz, rus we iňlis dillerini bilýär.

Ýene degişli makalalar

2023-NJI ÝYLYŇ MAÝY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
Türkiýe: Ykdysady krizis we migrasiýa syýasatynda jemgyýetçilik meýliniň üýtgemegi
Paralimpiýaçy türgenler sylaglandy
Uly Berdimuhamdow öz goldawçysyny öwdi, oňa bagyşlan odasyny okady
7-9 oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler
Paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär