Gyrgyzystanyň Hökümet başlygy Žaparow iş başyndan gitdi

Gyrgyzystanyň Hökümet başlygy Žaparow iş başyndan gitdi

Akylbek Žaparow başga işe geçmegi sebäpli, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Resmi maglumatlara görä, bu ugurdaky degişli Permana ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi diýip, rg.ru ýazýar.

Habarda Akylbek Žaparowyň öz islegi boýunça işden gidendigi aýdylýar, ol Ministrler Kabinetine 2021-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan bäri ýolbaşçylyk edýärdi.

Premýer-ministriň wezipe ygtyýarlylyklary onuň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýewiň üstüne ýüklendi. Respublikanyň kanunçylygyna görä, Ministrler Kabineti doly düzümde iş başyndan gitmezden, işini dowam eder.

Akylbek Žaparow işlän döwründe Gyrgyzystanyň jemi içerki önümini iki essä golaý artdyrdy, garyplygyň görnetin azalmagyny gazandy. Onuň hyzmatlarynyň ýene biri hökmünde Gyrgyzystanda ýeňil we ýük awtoulaglaryny öndürýän zawodyň gurlandygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Adylbek Kasymaliýew Gyrgyzystanyň täze Premýer-ministri boldy
Gyrgyzystanyň täze Hökümet başlygy Adylbek Kasymaliýew boldy
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti dünýä liderleri bilen Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady