27-nji iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow Türkmenistana ilkinji resmi sapar bilen bardy. Ony “Oguzkent” myhmanhanasyna ýerleşdirdiler.
28-nji iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Japarowyň Türkmen kärdeşi Berdimuhmaedow bilen ilkinji resmi duşuşyk dabarasy boldy diýip, gyrgyz lideriniň metbugat gullugy habar berýär.
Berdimuhamedow Japarowy “Bitaraplyk” meýdançasynda garşylady. Soňra olar gepleşikler geçirmek üçin “Oguzhan” köşk toplumyna gitdiler.
Taraplar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meselleri söwda-ykdysady, ýängyç-energiýa,medeni-gumanitar we beýleki pudaklar boçunça özara gatnaşyklar barada gürrüň etdiler. Japarow Gyrgyzystanyň sermaýa taslalamarynda türkmen telekeçiliginiň gatnaşmagyna umyt baglady. Özara hyzmatdaşlygyň iň bir möhüm ugry syýahatçylyk we türkmen tekstilini gyrgyz tikinçilik pudagy bilen birleşdirip boljak ýeňil senagat hasaplanýar.
TDH döwlet habarlar gullugy entek gepleşikler barada maglumat bermedi.
Bazar güni Japarow Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Nyýazowyň mawzoleýine gül goýdy we Türkmenbaşy metjidine bardy. Soňra ol Türkmenistanyň eksport edilýän harytlarynyň sergisine sapar etdi we türkmen-gyrgyz ykdysady ýygnagyna gatnaşdy.
Gyrgyz lideri tejribeler alyş-çalyşygynyň möhümdigini we gyrgyz bazaryna Türkmenistanyň nebit-himiýa, gaz senagaty we elektrik eneriýa kärhanalaryny çekmegiň ähmiýetini belledi.
Partnyýorlygyň iň wajyp ugurlary hökmünde tekstil senagaty, täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeler, täzeden işläp bejerýän karhanalar, syýahatçylyk we oba hojalygy atlandyryldy.
Internet arkaly geçirilen işewür duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň senagatçylar hem telekeçiler bileleşiginiň agzalary ikitaraplaýyn resminamalara gol goýdylar.
Gyrgyz lideriniň metbugat gullugynyň habaryna laýyklykda, Sadyr Japarow Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iň esasy pudagynyň tekstil senagatydygyny belläp, türkmen senagatçylaryny Gyrgyzystanda kärhana açmaga çagyrdy.The post Gyrgyzystanyň prezidenti türkmen sermaýalaryna umyt edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.