Türkiýe Bilen Gyrgyzstanyň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar

Türkiýe Bilen Gyrgyzstanyň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Türkiýäniň Gyrgyzstan üçin dogan we strategiýa taýdan hyzmatdaş ýurtdygyny aýtdy.

Gyrgyzstanyň Prezidenti Japarow, paýtagt Bişkekde saparda bolýan Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçirlen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahatyna gatnaşdy.

Türkiýäniň, Gyrgyzstan üçin dogan we strategik hyzmatdaş ýurtdygyny nygtan Japarow, “Men iki ýurduň we iki halkyň gelejegine uly ynam bildirýärin” diýdi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna kanagatlanma bildiren Japarow, türk firmalarynyň ýurtdaky kiçi we orta ululykdaky Gidroelektrik desgalaryň gurluşygynda jogapkärçilik almaklaryny isleýändiklerini belledi.

Türkiýäniň lukmançylyk enjamlary we derman önümçiligi taýdan öňdebaryjy ýurtdygyny nygtan Japarow, Gyrgyzstanda derman öndürýän desganyň gurulmagyny talap etdi.

Ankara-Bişkek-Ankara uçar saparlarynyň başlandygyny ýatladan Gyrgyzstanyň Prezidenti Japarow, Gyrgyzstanda Türk medeniýet günleriniň geçirilmegini teklip etdi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Russiýa we Gyrgyzystan Putiniň Bişkek saparynda uly hyzmatdaşlyk bukjasyna gol çeker
Dünýä Ýurtlary Liža Merkezinde Bolan Ýangyna Gynanç Bildirýär
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyna gatnaşýan ýokary derejeli wekiller bilen duşuşdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar