H.Toýçyýew 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalyny aldy

H.Toýçyýew 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalyny aldy

Türkmenistanly türgen Hojamuhammet Toýçyýew 109 kilograma çenli agram derejesinde 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, şol çempionat Aşgabatda geçirilipdi.

Medal türkmen türgenine Daşkendiň Özbegistan sport toplumynda geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň çäklerinde gowşuryldy.Ol bu medaly şol agram derejesinde ştangany silterläp götermek boýunça gazandy.Medalyň ozalky eýesi, özbegistanly agyr atletikaçy Rustam Jangibaýew 245 kilogram agyrlygy eýgerip bilipdi. Ýöne ol şol ýaryşda doping serişdesini ulanandygy üçin mynasyp bolan medalyndan mahrum edildi. Şeýlelikde, ol 2019-njy ýylyň 24-nji fewralyndan 2023-nji ýylyň 23-nji fewralyna çenli dört ýyllyk möhlet bilen ähli ýaryşlardan çetleşdirildi.

Halkara agyr atletika federasiýasy bolsa bu agram derejesinde berlen medallary gaýtadan gözden geçirip, silterläp götermek boýunça bürünç medaly 240 kilogram netije görkezen türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýewe berdi.Mundan ozal şeýle ýagdaý zenanlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde hem ýüze çykyp, biziň ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň altyn medaly gowşurylypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Kolumbiýada geçjek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna gatnaşjak türkmenistanly türgenler belli boldy