Habar beriş serişdeleriniň wekilleri media sowatlylygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

Habar beriş serişdeleriniň wekilleri media sowatlylygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

Soňky ýyllarda ählumumy media pudagy emeli aň tehnologiýalarynyň täsiri astynda düýpli özgerişlere sezewar boldy. Şol bir wagtyň özünde, zyýanly mazmunly maglumatlaryň ýaýramak howpunyň artýandygy görünýär. Şol sebäpli-de, media sowatlylygy ilatyň ähli gatlaklary, ilkinji nobatda bolsa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň hünärmenleri üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan, 12 13-nji maýda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde maglumatlary seljermek, ýalan maglumatlardan goranmak we sanly gurşawda jogapkärli mazmun döretmek endiklerini kemala getirmäge gönükdirilen okuw geçirildi.

Okuwa ýurdumyzyň welaýat neşirleriniň işgärleri, şeýle hem onlaýn-portallaryň we telewideniýäniň wekilleri gatnaşdylar. Ýaýradylýan maglumatlaryň hili we ygtybarlylygy jemgyýetiň ynamyna hem-de diňleýjiler köpçüliginiň hakyky maglumatlary galp maglumatlardan tapawutlandyrmak ukybyna gönüden-göni täsir edýär.

Hünär etikasynyň ähmiýetine ünsi çekip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Wilýam Lif özüniň gutlag sözünde şeýle diýdi: Häzirki zaman dünýäsinde žurnalist bolmak uly jogapkärçilikdir.Biz siziň media sowatlylygy ýaly möhüm meseleleri öňe sürmekdäki aýratyn ukybyňyza ýokary baha berýäris.

Okuw maksatnamasy halkara bilermen Adil Jalilowyň (MediaNet halkara žurnalistika merkezi, Gazagystan) goldawy bilen milli tälimçiler tarapyndan amala aşyryldy.Bilelikdäki tagallalar netijesinde maglumatlary barlamak (faktçeking), döwrebap medianyň iş gurallary, neýroulgamlaryň kömegi bilen döredijilikli mazmun taýýarlamak, sanly howpsuzlyk we ÝUNESKO-nyň etiki ýörelgelerini öz içine alýan netijeli okuw meýilnamasy düzüldi. ÝHHG-niň merkezi Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň erkinligi we media sowatlylygy bilen bagly düzgünleriniň durmuşa geçirilmegine ulgamlaýyn esasda ýardam berýär.

Häzirki wagta çenli dürli diňleýjiler köpçüligine tälim bermek wezipesi ýüklenen 20 sany milli tälimçiden ybarat topar taýýarlanyldy.Geçirilen çäre bu hünärmenler tarapyndan guralýan okuw maslahatlarynyň nobatdakysy boldy.Mundan ozal guralan şeýle okuwlar žurnalistleri, döwlet gullukçylaryny, blogerleri we talyplary goşmak bilen, ýüzden gowrak adamy öz içine alypdy. Şeýle maksatnamalaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýaş žurnalistleriň hünär taýdan kemala gelmegi üçin strategik ähmiýete eýedir.

Bu bolsa ýaş hünärmenlere işe başlan günlerinden maglumat giňişligini goramagyň gurallaryny we ählumumy wehimlere garşy durmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Metbugat we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça okuw geçirildi
ÝHHG Türkmenistanda media sowatlylygy ösdürmäge goldaw bermegini dowam etdirer
Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Türk Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Stambul Howa Menzili Türkiýä 117 Milliard Ýewrolyk Girdeji Gazandyrdy