Häzirki zaman edebiýatynda bedewleriň waspy

15-nji aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramaklarynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binasynda, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda Häzirki zaman edebiýatynda bedewleriň waspy atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Güneş žurnalynyň bölüm redaktory Güljahan Myradowa dagy gatnaşyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň bedewlerimizi wasp edýän goşgudyr kyssa eserleri hakynda täsirli söhbetleri etdiler, behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden şygyrlaryny okadylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.

Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi.Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri bilen dünýä halklaryny haýran galdyrýar.

Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejeli festiwallarda, ýaryşlarda üstünlikli çykyşlar edip, altyn kuboklara hem-de beýleki baýraklara yzygiderli mynasyp bolmaklary ýatdan çykmajak taryhy wakalardyr.Aty baryň — ganaty bar diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr.

Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr.Behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, gözelligi, sarçlygy, eýesine wepalylygy ýazyjy-şahyrlarymyzyň täze eserleri, şygyrlary döretmeklerinde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär diýip çykyş edenler bellediler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

Ýene degişli makalalar

07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy