Haj zyýaraty başlandy

7-nji iýulda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli iki ýyllyk arakesmeden soň Yslamyň bäş esasy şertiniň biri bolan mukaddes Käbä haj zyýaraty başlandy. Her bir musulmanyň ömründe, azyndan, bir gezek haj zyýaratyny berjaý etmegi parz hasaplanýar.

Şu ýyl haja gatnaşmak üçin türkmenistanly zyýaratçylar bilen birlikde, 1 milliona golaý daşary ýurtly zyýaratçylar gatnaşýar. Zyýaratçylar egnine yhram atyp, mukaddes Käbänyň daşyndan aýlandylar. Öňki iki ýylda covid-19 pandemiýasy sebäpli zyýaratçylaryň sany ep-esli çäklendirilip, haj zyýaratyny patyşalygyň diňe birnäçe müň raýaty hem-de Saud Arabystanynda ýaşaýan daşary ýurtlular berjaý edipdi.

Resmi SPA gullugy Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrligine salgylanyp, zyýaratçylaryň howpsuzlygy we saglygy üçin ähli çäreleriň görlendigini we mümkinçiligi çäkli adamlar hem-de maýyplar üçin ýörite hyzmatlaryň guralandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra...
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar
Saud Arabystany haj wagty COVID-çäklendirmeleri ýatyrmakçy
Mekge-Medinä giden türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler
Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler