Hakan Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Boldy

Hakan Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Boldy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Abu Dabide, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahýan tarapyndan kabul edildi.

Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine giden ministr Fidanyň Abu Dabide, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahýan tarapyndan kabul edildiği nygtaldy.

Hakan Fidan, Abu Dabide, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Şyh Abullah bin Zaýis Al Nahýan bilen hem duşuşdy.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Hakan Fidan Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Siýýarto bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Fidan bilen Siýýarto gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukrainanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Boldy
Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
TBMM-niň başlygy BAE-niň Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdi
Mejlisiň Başlygy Kurtulmuş, BAE-de Saparda Bolýar