Hakan Fidan, Demirgazyk Makedoniýada Saparda Boldy

Hakan Fidan, Demirgazyk Makedoniýada Saparda Boldy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýäniň Skopýadaky ilçihanasynda Demirgazyk Makedoniýanyň Mejlisiniň halk deputaty Salih Murady kabul etdi.

Daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Ministr Fidanyň Demirgazyk Makedoniýanyň halk deputaty Salih Murady kabul edendigi nygtaldy.

Habarnamada, Daşary ministr Hakan Fidanyň Demirgazyk Makedoniýa guran saparynyň çäginde, WLEN şärikliginiň agzalaryndan Wise-premýer we Demokratik hereket partiýasynyň başlygy İzet Mejiti, Kalkandelen şäher häkimi we BESA hereketiniň başlygy Bilal Kasamyş we Alternatiw partiýasynyň başlygy Zekeriýa İbrahim bilen duşuşandygy bellenildi.

Hakan Fidan, Demirgazyk Makedoiýada işewürler we jemgyýetçilik guramalarynyn wekilleri bilen hem duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Aşgabatda rus kärdeşi Putin bilen duşuşdy
Türkiýe halkara ulgamyň täsiriniň azalýan döwründe parahatçylyk tagallalaryna öňbaşçylyk etmeli
Fidan Gara deňizdäki dartgynlylygyň Ýewropa ýaýrap biljekdigini duýdurdy
Hakan Fidan Maýamide Gaza bilen bagly geçiriljek maslahata gatnaşar
Türk ministrlerinden we MHG-nyň başlygyndan ybarat wekiliýet Siriýanyň lideri bilen duşuşyk geçirer
Tramp Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Türkiýä F-35 harby uçarlaryň satylmagy meselesini seljerýär