Türkiýe halkara ulgamyň täsiriniň azalýan döwründe parahatçylyk tagallalaryna öňbaşçylyk etmeli

Türkiýe halkara ulgamyň täsiriniň azalýan döwründe parahatçylyk tagallalaryna öňbaşçylyk etmeli

Daşary işler ministri Hakan Fidan, halkara ulgamyň täsiriniň gün saýyn azalýan döwründe Türkiýäniň parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulmagyna öňbaşçylyk etmelidigini aýtdy.

Duşenbe güni paýtagt Ankarada geçirlen 16-njy İlçiler konferensiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Fidan, halkara ulgamyň täsiriniň gün saýyn azalýandygyny we başdan geçirilýän krizisi çözmek ukubyny ýitirendigini nygtady

Fidan, başga biriniň garaýyşlary we düşünjeleri bilen, başga biriniň kesgitlän çäkleri bilen syýasatyň gönükdirilýän döwrüniň ortadan aýrylandygyny nygtady.

Ministr Fidan “Türkiýe halkara ulgamyň täsiriniň gün saýyn azalýan döwründe parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulmagyna öňbaşçylyk etmeli” diýdi.

Halkara ulgamyň uly kynçylygy başdan geçirýändigine ünsi çeken Fidan, diplomatlaryň oýnaýan rolynyň diýseň möhümdigini, olaryň dogry maglumaty ýalňyş maglumatdan aýyrmak, wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek jogapkärçiliginiň bardygyny aýtdy.

Türkiýäniň köp ugurly daşary syýasat alyp barýandygyny aýdan Fidan, Ankaranyň krizislere garşylyk görkezmek bilen çäklenmän, eýsem şol bir wagtda ýerleşýän sebitinde we dünýäde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edýändigini ýatlatdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy ýola goýýan, sebitara we halkara derejesinde täsiri gün saýyn güýçlenýän, halkara söwdada bazar paýyny we bäsleşik güýjüni artdyrýan, halkara ulgama syýasy we medeni taýdan uly goşant goşýan, sarpa goýulýan öňbaşçy Türkiýäni gurýarys” diýdi.

Türkiýäniň diplomatik tagallalary

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýäniň Gaza, Russiýa-Ukraina söweşiň bes edilmegi, Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän diplomatik tagallalaryna ünsi çekdi.

Türkiýäniň egilşiksiz tutumy netijesinde Gazada ylalaşygyň gazanylmagy üçin edilen tagallalara öňbaşçylyk edendigini we iki döwletli çözgüde goldaw bermäge dowam edýändigini aýtdy.

Fidan “Diplomatik tagallarymyzyň netijesinde iki döwletli çözgüde goldaw berýän Günbatarly ýurtlaryň sany gün saýyn köpelýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar
Fidan: "Ysraýylyň Türkiyäni täze duşman diýip yglan etmek isleýändigini görýäris" diýdi
Fidan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň diplomatlaryny kabul etdi we global jebislige ünsleri çekdi
Daşary işler ministri Fidandan Eýrana: "Türk howa giňişliginiň bozulmagy kabul ederliksizdir" diýdi
Fidan eýranly we katarly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran arasyndaky ýaraşygy maslahatlaşdylar
Hakan Fidan: Türkiye Eýranda raýat urşuny öjükdirjek islendik meýilnama garşydyr