Fidan: "Ysraýylyň Türkiyäni täze duşman diýip yglan etmek isleýändigini görýäris" diýdi

Fidan: "Ysraýylyň Türkiyäni täze duşman diýip yglan etmek isleýändigini görýäris" diýdi

Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ysraýylyň strategiki ünsüni Eýrandan soň geljekki sebit bäsdeşi hökmünde Türkiyä gönükdirip biljekdigini duýdurdy we Ysraýyl syýasatynyň barha daşarky duşmanlary kesgitlemäge bagly ýagdaýa öwrülendigini beýan etdi.

Duşenbe güni Anadoly habarlar agentligine beýanat beren Hakan Fidan, Ankaranyň Ysraýylyň üýtgeýän sebitdäki pozisiýasynyň üstünde durup geçdi we "Eýrandan soň Ysraýyl duşmansyz ýaşap bilmez. Türkiyäni täze duşman diýip yglan etmek isleýändigini görýäris" diýdi.

Hakan Fidan Ýakyn Gündogar ýurtlaryny özygtyýarlylyga, territorial bitewilige we milli howpsuzlyga hormat goýmak esasynda resmi sebitleýin howpsuzlyk çarçuwasyna boýun bolmaga çagyrdy; Şeýle şertnamanyň sebitdäki uzak möhletli gatnaşyklary durnuklaşdyrmak üçin zerurdygyny öňe sürdi.

"Liwanda Gazadaka meňzeş bir ýagdaý görýäris"

Hakan Fidan Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerine meňzeş Liwanda harby operasiýa geçirýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň we infrastrukturanyň giňden weýran bolandygyny, "ilaty boşaltmak kampaniýasynyň" bir bölegi hökmünde görkezýändigini habar berdi.

Siriýa babatynda Fidan Ysraýylyň hüjümleriniň "esasy problema zolagyny" emele getirýändigini we Türkiye üçin "çynlakaý howp" döredýändigini, Ysraýylyň häzirki wagtdaky aramlygynyň Eýran bilen çaknyşyga ünsi jemlemegi bilen baglanyşyklydygyny, ýöne munuň dowam etmezliginiň mümkindigini beýan etdi.

Ministr diplomatiýanyň has giň kontekstinde Eýranyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýaraşyk prosesini dowam etdirmek babatynda “akýüreklilik” görendiklerini aýtdy, ýöne daşarky aktýorlaryň öňe gidişligi bozup biljekdigini duýdurdy.

Fidan Türkiye Ormuz bogazynyň parahatçylykly açylmagyny goldaýandygyny ýene bir gezek gaýtalady, ýaragly gatyşmagyň möhüm töwekgelçilikleri döretjekdigini we üznüksiz deňiz gatnawynyň global zerurlykdygyny aýtdy.

Daşary işler ministri Fidan NATO bilen bagly, 2026-njy ýylyň 7-8-nji iýuly aralygynda Ankarada geçiriljek sammitiň bileleşigiň taryhynda iň möhüm sammitleriň biri bolup biljekdigini we NATO-ABŞ gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik döredip biljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar
Daşary işler ministri Fidandan Eýrana: "Türk howa giňişliginiň bozulmagy kabul ederliksizdir" diýdi
Hakan Fidan Ankara sammitinden öň Şwesiýada geçiriljek NATO gepleşiklerine gatnaşar
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Fidan: Eýrana garşy bikanun hüjümler sebiti has uly urşa tarap iterýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar