Hakan Fidan Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasyna gatnaşar

Hakan Fidan Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasyna gatnaşar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Hakan Fidanyň ady agzalan konferensiýada ikiçäk duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Beýik Britaniýa we Ukraina tarapyndan geçiriljek 2023 Ukrainany gowulandyrmak konferensiýasy, ahyrkysy Luganoda Şweýsariýa bilen bilelikde geçirilen ýyllyk çäreleriň dowamyny emele getirýär.

Ady agzalan konferensiýalar Ukrainanyň galkynmagy we söweşden soň ýaňadandan dikeldilmegi bilen baglanşykldyr.

Halkara jemgyýeti bir ýere jemlejek konferensiýanyň açylyşynda Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Rişi Sunak we çärä onlaýn görnüşde gatnaşjak Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý çykyş eder. Ukrainanyň Premýer ministri Denis Şmygal hem konferensiýanyň açylyşynda çykyş eder.

Konferensiýanyň gatnaşjak ýokary derejeli resmileriň arasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýaşi Ýoşimasa hem bar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropaly Liderler Ukraina Gynanç Bildirdi
Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan abş-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ýewropa Parlamentine saýlawlar geçiriler
Erkin söwda gepleşiklerine täzeden başlaýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Brýussele sapary meýilleşdirilýär