Hakan Fidan Ysraýyla garşy birnäçe täze çäreleri görmek barada karara gelendikleirni aýtdy

Hakan Fidan Ysraýyla garşy birnäçe täze çäreleri görmek barada karara gelendikleirni aýtdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Daşary işler ministrliginde Ysraýylyň Gaza garşy dowam edýän hüjümleri we Gaza ugradylýan ynsanperwer kömek barada beýannama berdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiyäniň Iordaniýanyň üsti bilen Gaza howadan kömek ugratmak bilen bagly talabynyň Ysraýyl tarapyndan ret edilemgi bilen baglanşykly: "Ysraýylyň açlyga sezewar galan gazalylara howadan kömek bermek tagallalarymyzy petiklemeginiň hiç hili bahanasy bolmaz. Biz hem şol ýagdaý sebäpli Ysraýyla garşy birnäçe täze çäreleri görmek barada karara geldik" diýip habar berdi.

Hakan Fidan Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan tassyklanan şol çäreleriň gijikdirilmän ädimme-ädim durmuşa geçiriljekdigini we degişli guramadyr-edaralar tarapyndan halk köpçüligine ýetiriljekdigini belläp: "Bu çäreler Ysraýyl hüjümleri bes edýändigini yglan edýänçä we ynsanperwer kömekleriň Gaza päsgelçiliksiz ýetirilmegine rugsat berýänçä çenli dowam eder" diýip mälim etdi.

Hakan Fidan Türkiyäniň deňiz we howa ýoly arkaly Gaza ýetirilmek üçin Müsüre ugradan ýardamlaryň 42 müň tonnadan geçendigini, şu günki gün Türkiyäniň Gaza iň köp ynsanperwer kömek ugradan 2-nji ýurt bolandygyny beýan etdi.

9-njy ynsanperwer gämisiniň hem ýoldadygyny aýdan Hakan Fidan, birnäçe wagt bäri Iordaniýanyň üsti bilen ynsnaperwer kömekleriň howa arkaly Gaza ýetirilendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bu Tragediýadan Netije Çykarmasak Bu Soňky Gaza Urşy Bolmaz
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny