Halil al-Haýýe Hamasyň syýasy lideri hökmünde bellendi

Halil al-Haýýe Hamasyň syýasy lideri hökmünde bellendi

Palestinli gurama Hamas ýokary derejeli agzasy Halil al-Haýýeni 2024-nji ýylda Gazada Ysraýyl tarapyndan öldürlen Ýahýa Sinwaryň ýerine syýasy lider hökmünde belledi.

Gurama tarapyndan duşenbe güni berlen beýannamada, Haýýeniň Sinwaryň ýerine hereketiň syýasy lideri hökmünde bellenendigi nygtaldy.

Haýýe, Hamasyň tanymal agzalaryndan biri hökmünde bilinýär.

Ysraýylyň Sinwary öldürmeginden soň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazadaky hereketiň liderligini öz üstüne alan Haýýe, ozal Sinwaryň kömekçisi wezipesini ýerine ýetiripdi.

Halil al-Haýýe 2021-nji ýylda geçirlen içerki saýlawlardan soň Hamasyň Arap we musulman ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarynyň ýolbaşçysy wezipesini ýetirýärdi.

1960-njy ýylda doglan Haýýe, 1997-nji ýylda Sudandaky Mukaddes Gurhan uniwesitetinden Pygamberiň sünnäsi we hadys ylymlary boýunça doktorlyk derejesini alypdy.

2006-njy ýylda Gaza şäheriniň wekili hökmünde Palestiniň Kanun çykaryş geňeşine saýlandy.

Haýýeniň doganlary we ogullary bilen birlikde 8 garyndaşy 2027-nji ýylyň maý aýynda Ysraýylyň Gaza şäheriniň gündogaryna guran hüjüminde öldürlipdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi
Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 3 palestinalyny öldürdi
Ýyldyzlary öýlerine ugradýan ýygyndy Marokko
TBMM-niň Başlygy Şentop, Demirgazyk Makedoniýa Gitdi
Prezident Erdogan Gazada Ýaralanan we Türkiýede Bejergi Alan Salman Doganlary Kabul Etdi
Terrorçy Halil Menji Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi