Ýyldyzlary öýlerine ugradýan ýygyndy Marokko

Katar 2022-de 1/8 finalda garaşylmadyk netijeleriň diňe biri hasaba alnan bolsa, çärýek finalda bu san 2-ä çykdy.Braziliýanyň Horwatiýadan asgyn gelmegi köpler üçin garaşylmadyk netije bolan bolsa, Marokkonyň ýygyndysy hemmeleri haýran galdyrmagyny dowam edýär.

Belgiýadyr Ispaniýanyň ýaryşdan çykaran Marokkonyň ýygyndysy kynlyk bilenem bolsa ýeňiş gazanmagyny dowam etdirýär. Çärýek finalda Portugaliýany En-Nesiriniň 42-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňen Marokko taryhynda ilkinji sapar ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy. Çekeleşikli geçen oýunda Ronaldo ýene-de ätiýaçda oturyp, oýna 51-nji minutda girdi. Ýöne onuň girmegi-de hasaby üýtgedip bilmedi.

Netijede, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan Marokko ýarym finala çykan ilkinji Afrika wekili boldy.Galyberse-de, olar Dünýä Kubogynyň taryhynda ýarym finalda çykyş etjek ilkinji arap hem-de musulman ýurt bolar.

Marokkonyň ýygyndysy soňky 8 duşuşykda 1 gol geçirdip, güýçli goragy bilen Dünýä Kubogynda ýarym finala çenli çykdy. 1934-nji ýyldan bäri 49 gezek gatnaşan 13 Afrika ýurdunyň arasyndan ilkinji bolup, iň gowy dörtlüge düşen Marokko finalyň bosagasynda dur.

Topara tälim berýän 47 ýaşyndaky Walid Regragui çempionatyň başlamagyna 81 gün galanda bu wezipä bellenipdi.Ol Mazraui, Ziýeş ýaly futbolçylary düzümden çykaran Wahid Halilhodziçiň ornuna bu wezipä bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Garyplygyň we açlygyň Türkiýede ýaýramagy
Talyban: ABŞ Owganystanyň bloke edilen emläklerini gysga wagtda azat etsin
Türkmenistanly samboçy Nedir Allaberdiýew Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça Maksatnamasyna gol çekildi
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ MEREKZI AZIÝA ÜÇIN TÄZE SEBITLEÝIN MAKSATNAMASYNY IŞE GIRIZMEK DABARASYNA GATNAŞDY