Halk Maslahaty Döwlet býujeti we Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary barasynda kanunlary kabul etdi

Halk Maslahaty Döwlet býujeti we Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary barasynda kanunlary kabul etdi

12-nji noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň üçünji ýygnagy geçdi we onda 30-njy oktiýabrda kabul edilen kanunlara garaldy diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Ilkinji bolup, deputatlar “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti” baradaky kanuny biragyzdan tassykladylar.

Habarlara laýyklykda, “welaýatlarda maliýe serişdeleriniň uly böleginiň obalardaky, şäherlerdäki, etraplardaky we etrap merkezlerindäki ilata sosial-hyzmatlary ýola goýmak üçin gönükdiriler”.

Şeýlede çykdajylaryň uly bölegi sosial pudagy şol sanda, saglygy saklaýyş, bilim, döwlet sosial üpjünçiligi we hyzmat hojalygy ulgamyny reformalaşdyrmaga gönükdiriler.

Şonuň ýalyda:

-“Döwlet emlägini ynamdar dolandyrmak”,

-“Poçta aragatnaşygy”,

-“Döwlet ýer kadastry”,

– “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň kanuny ýagdaýlary” barasynda kanunlar hem kabul edildi.The post Halk Maslahaty Döwlet býujeti we Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary barasynda kanunlary kabul etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi
Türkmenistanyň Poçta aragatnaşygy hakynda Kanuna gol çekildi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi geçirildi
Halk Maslahatynyň agzalary täze kanunlary ara alyp maslahatlaşdylar
Mejlis 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini tassyklady
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi