Halk Maslahatynyň agzalary täze kanunlary ara alyp maslahatlaşdylar

Halk Maslahatynyň agzalary täze kanunlary ara alyp maslahatlaşdylar

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 12-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň on bäşinji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler esasy maliýe resminamasynyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň artmagyny göz öňünde tutýandygyny bellediler, bu bolsa ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligine oňyn täsirini ýetirer.

Şeýle hem “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi), “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” kanunlara, şeýle hem Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanunlara seredildi hem-de olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi
Türkmenistanyň Poçta aragatnaşygy hakynda Kanuna gol çekildi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi geçirildi
Halk Maslahaty Döwlet býujeti we Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary barasynda kanunlary kabul etdi
Mejlis 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini tassyklady
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi