Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Halk Maslahaty döwletliligiň hem agzybirligiň binýady ady bilen Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, ýurdumyzda milli demokratiýany ösdürmek, ilatyň durmuş goragyny üpjün etmekden ybaratdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi diňe bir geçilen ýol bolman, eýsem, geljege bolan uly ynamyň nyşany bolup, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüni ýene-de bir gezek dünýä äşgär edýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
