Halkara Bitaraplyk güni hem-deTäze ýyl baýramy mynasybetli Datmeni haryt nyşanly nogullaryň täze görnüşleri öndürilýär

Halkara Bitaraplyk güni hem-deTäze ýyl baýramy mynasybetli Datmeni haryt nyşanly nogullaryň täze görnüşleri öndürilýär

Halkara Bitaraplyk güni bilen Täze ýyl baýramy mynasybetli Datmeni haryt nyşanly nogullaryň täze görnüşleri öndürilýär. Bu barada Rysgal gazetiniň 15-nji noýabrdaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen Şanly senelere mynasyp sowgatlar atly makalada habar berilýär.

2017-nji ýylda işe girizilen, telekeçi Meret Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhananyň öndürýän Datmeni, Dat, Seýrek aý, Derek haryt nyşanly konditer hem-de däneli önümleri halk köpçüligi tarapyndan köp satyn alynýan islegli harytlardyr.

Bu hususy kärhanada Datmeni haryt nyşanly, ýörite çüýşelere gaplanan miwe suwlary, dürli görnüşli mürepbeler, kökeleriň 21 görnüşi, miwe tagamly marmeladlar, zefirler hem öndürilýär.Belli bir ölçegde, Dat haryt nyşanly polietilen gaplara gaplanan, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän, oňat arassalanan tüwi, noýba, mäş önümleri hem söwda merkezlerimizdir ak bazarlarymyzyň geçginli harytlarydyr.

Bulardan başga-da, Dat haryt nyşanly ýodlaşdyrylan nahar duzy hem bar.Seýrek aý we Dat haryt nyşanly gaplara gaplanan, arassalanan we gowrulan çigitlerdir dürli görnüşli maňyzlar diňe bir çagalarymyzy däl, eýsem, ululary-da begendirýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän hususy kärhana Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna daşy şokoladly, içi maňyzly, kişmişli, badamly nogullaryň täze görnüşlerini öndürip, Datmeni haryt nyşanly, göze gelüwli, owadan gaplara gaplap, halk köpçüligine ýetirmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýaly resmiler: Zamun alnan okuwçylar azat edildi
ZENAN KEŞBI TEATR SUNGATYNDA
Maryda ýene ýokary derejeli sapara garaşylýar. Arassaçylyk işleri, polisiýa gözegçiligi güýçlendirildi
50-den gowrak jemgiýetçilik guramasy Türkmenistan babatda Moskwa mehanizmini ulanmagy ÝHHG-dan talap edýärler
Filippinlerde Rai taýfuny sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Braziliýadaky daşgyn suwlarynyň pidalary 200 adamdan geçdi