2-3-nji dekabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň DIM-niň Geňeşiniň 28-nji mejlisi Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda geçdi.
Bu maslahata Türkmenistanyň topary hem gatnaşdy.
Munuň öň ýanynda raýat raýdaşlygy platformasy ÝHHG-niň raýat jemgyýetiniň ýygnagyny gurnady. Munuň netijesinde Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýlary barasynda ÝHHG-na agza ýurtlara ýüzlenme taýýarlandy.
50-den gowrak hökümete degişli däl guramalaryň gol goýan ýüzlenmesinde 2022-nji ýylda Türkmenistanda köpçülikleýin repressiýalaryň başlanmagyna 20 ýyl dolýandygy ýatladylýar. Ol diňe bir rejimi tankytlaýanlara däl-de, olaryň tanyş-bilişlerine we hossarlaryna garşy hem gönükdirilipdi.
“Şübhelenýänlere hatda, tötänleýin şaýatlaryň garyndaşlaryna hem esassyz köpçülikleýin tussag etmeler,gynamalar,fiziki we psihologiki basyşlar,sorag edilende ýörite dermanlary ulanmak, galplaşdyrylan aýyplamalara esaslanýan berk ýapyk kaziýet prosesleri we uzak möhletleýin, hatda, ömürlik türme tussaglygyna azatlykdan mahrum etmeler, hereket edýän kanunçylygy gödek bozmak köpsanly adama täsirini ýetirdi” diýip ýüzlenmede aýdylýar.
Türkmenistandaky köpçülikleýin repressiýalaryň möçberi bilen bagly ÝHHG-sy Moskwa mehanizmini ulanypdy.Bu ýagdaýlar babatda hasabaty taýýarlamak professor Emanuel Deko ynanylypdy.Ol öz işleriniň jemi boýunça şeýle diýipdi: “Türkmenistanyň görkezilen kanunçylygyň we terror hem gorky bilen bellenilen hakykatlaryň arasyndaky tapawut “depäňden gaýnak suw guýlan ýaly edýär”, “Türkmenistan ÝHHG-da “gara deşik”, adam hukuklary çöli bolup bilmez”.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet hem Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenler praktikany togtatmady.
“Olary diri görkeziň!”kampaniýasy 2002-nji ýyldan bäri zorlukly ýitirim etmeler bilen bagly162 sany wakany resminamalaşdyrdy.
“Şol ýyllaryň dowamynda hökümet dereksiz ýitenler bilen bagly olaryň maşgalalaryna we dünýä jemgiýetçiligine hiç-hili maglumat bermediler. Tussaglara maşgalasy, aklawjylary, lukmanlary we beýlekiler bilen duşuşmagy, hat alyşmagy, telefonlaşmagy ýa-da beýleki aragatnaşygy gadagan edilipdi” diýip adam hukuklaryny goraýjylar ýazýarlar.
Dereksiz ýitenleriň 11 sanysy eýýäm,möhletini oturdylar. Emma,henize çenli hiç biri azatlyga çykmady. Ýene-de 10-dan gowrak adam 2022-nji ýylda türmeden çykmaly.
Türkmenistan zorlukly dereksiz ýitmeler meselesi babatda hökümetara guramalaryň kararlaryny äsgermezligini dowam edýär we dereksiz ýitenleriň sanawyndakylaryň aglabasy babatda olaryň maşgalalaryna hem halkara jemgyýetçilgine haýsyda bir maglumat bermekden boýun towlaýar.
Ynsan hukuklaryny goraýjylar türkmen häkimiýetleriniň täze repressiýa akymyna taýýarlanýanlygyndan howatyrlanýarlar.
Häzirki döwürde olar Türkiýede hem Russiýada ýaşaýan aktiwistleriň deportasiýa edilmegini talap edýärler. Eger watanyna ýollansa, onda olaryň hem türmelerde ýitirim bolmagy ähtimal.
Türkmenistanda dowam edýän repressiýalaryň gerimi ýeterlik derejede jogap berilmegini talap edýär.
Ýüzlenmäniň awtorlary Türkmenistan babatda ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça mehanizmlerini has takygy, Wena we Moskwa mehanizmlerini ulanmaga gurama agza döwletleri çagyrýarlar.
Ýüzlenmäniň rusça mazmuny bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin.The post 50-den gowrak jemgiýetçilik guramasy Türkmenistan babatda Moskwa mehanizmini ulanmagy ÝHHG-dan talap edýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
