Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy

Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy

Finlýandiýa we Şwesiýa ýurtlaryndaky rus Ilçilerini rus oppozisioneri Alekseý Nawalnynyň tussaghanada ölmegi bilen baglylykda daşary işler ministrligine çagyrdy.

Finlýandiýanyň Daşary işler ministrligi, rus diplomatyny “Nawalnynyň ölüminden Russiýanyň jogapkärdigini we aç-açan derňew işiniň geçirilmegini talap edýändiklerini nygtamak üçin” ministrlige çagyrandyklaryny beýan etdi.

Beýannamada; “Russiýadaky ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagy üçin çagyryşymyzy dowam etdireris” diýilýär.

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrom bolsa ÝB-niň Nawalnynyň ölümi boýunça işe girişmelidigini beýan etdi.

Billstrom beýannamasynda; “ÝB, Russiýadaky syýasy gysyşa garşy işe girişmeli. Ol, esasanda Nawalnynyň Russiýada tussaghanada ölmeginden soň möhüm” diýdi.

Ministr Billstrom Şwesiýanyň ÝB-niň Russiýa üçin goşmaça sanksiýa ähtimallarynyň öwrenilmegi üçin insiatiwa alandygyny beýan etdi.

Russiýanyň Fedetiw Tussaghana hyzmatlary gullugy Alekseý Nawalnynyň 16-njy fewralda aradan çykandygyny we ölüm sebäbiniň öwreniljekdigini habar beripdi.

Russiýanyň kazyýeti awgust aýynda tussaghanadaky Nawalnyny radikal topar döretmek sebäpli 19 ýyl azatlykdan mahrum edipdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şwesiýanyň Premýer ministr meçew berijileri günäkärledi
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň nobatdan daşary maslahaty geçiriler
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Şwesiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň daşary işler ministri türkmenistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy