Türkiyäniň daşary işler ministri türkmenistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň daşary işler ministri türkmenistanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde energetika we raýat awiasiýa başda bolmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli taraplaýyn güýçlendirmegiň ýany bilen köp taraplaýyn platformalarda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň üstünde durup geçdi.

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyry, Türkiye-Şwesiýa-Finlýandiýa arasyndaky Hemişelik umumy mehanizmiň maslahatlarynyň taýarlyklary we Türkiye-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şwesiýada Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Konstitutsion Üýtgetme Güýje Girdi
Şwesiýanyň Premýer ministr meçew berijileri günäkärledi
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Çawuşogly Guterriş we Billstrem bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy