Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidan möhüm gepleşikler geçirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, düýn Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Fidan, Billstrem bilen Şwesiýanyň NATO agzalyk etaby, Türkiýäniň-Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasyndaky bilelikdäki hemişelik mehanizmiň maslahaty üçin görülýän taýarlyklar we Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Ministr Fidan türkmen kärdeşi Meredow bilen bolsa energetika we raýat awiasiýa pudagynyň başda durmagynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hakynda pikir alyşdy.

“Haber Türk” gazeti, “Soňky bir hepde-de 63 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň soňky bir hepde Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda geçirlen operasiýalarda 63 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim edendigine ünsi çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Energetiýa dünýäsiniň wekilleri Stambulda duşuşar” söz başyly habarynda, Halakra Energetiýa ykdysadyýety jemgyýetiniň 45-nji konferensiýasynyň Türkiýäniň ýer eýeçiliginde Stambulda geçiriljekdigini ýazýar.

Iýun aýynda Stambul şäherinde geçiriljek konferensiýa üçin häzire çenli 68 ýurtdan 500-den gowrak adam ýüz tutdy.

“Sabah” gazeti, “Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky bilen İspaniýanyň merkezi banky ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy” söz başyly habarynda, Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky bilen İspaniýanyň Merkezi bankynyň arasynda, merkezi bankçylyk boýunça hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy maksady bilen ylalaşyk teswirnamasynyn baglaşylandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti, “Yzly yzyna üç rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Finlýandiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda yzly-yzyna üçünji gezek rekord goýlandygyny habar berýär.

Finlýandiýanyň Ankaradaky ilçihanasy, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 3 milliard ýewro golaýlandygyna ünsi çekendigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy
Şwesiýada Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Konstitutsion Üýtgetme Güýje Girdi
Şwesiýanyň Premýer ministr meçew berijileri günäkärledi
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Çawuşogly Guterriş we Billstrem bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi