Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň sergisi geçirildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň sergisi geçirildi

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergiler zalynda türkmen suratkeşleriniň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döredijilik işleriniň sergisi geçirildi. Türkmen suratkeşleri bu baýramy sungatda gazanan täze üstünlikleri bilen garşy aldylar. Sergä jemi 80-e golaý iş hödürlenipdir, olaryň arasynda surat eserleri, grafika, gobelen we keramika bar.

Sergi Gahryman Goçmyradowyň Sen kim? atly döredijilik işi bilen başlanýar. Magtymguly Pyragynyň goşgusynyň ady bu suratyň ýordumynyň esasy bolup durýar. Suratkeş çeken suratynda köp zady birleşdiripdir.

Bezirgen Gurbannurowyň Duralga atly suraty awtobusa ýeke özi garaşyp duran bir gyzyň ýagdaýynyň takyk şekillendirilendigi bilen ünsi özüne çekýär.

Polat Garryýewiň Ene atly işi diýseň täsirli surat. Portretden köp zady başyndan geçiren garry ene seredip dur. Onuň ownukly-irili ýygyrtdyr gasynlar bilen örtülen ýüzünde başdan geçiren şatlykly günleri, parasatly gözlerinde bolsa yz galdyran wakalar görünýär.

Saparmämmet Meredow sergide birnäçe surat eserleri görkezildi. Onuň üýtgeşik surat çekiş usuly bar dury däl ýerlik, ýüzleri pikirli, özleri aýdyň görünmeýän adamlar. Bir gojanyň psihologik ýagdaýyny suratlandyrýan Bu günem geçdi suraty halypa suratkeşiň iň täsirli işleriniň biridir.

Grafik işlerden Kalbymda atly liriki iş aýratyn ünsi çekýär. Hurma Jumamyradowa gözüň we ýaňagy meňli gyzyň keşbini utgaşdyrypdyr. Gözden akýan ýaş ybadatdaky ýigidiň aýasyna dökülýär. Elbetde, tomaşaçy bu suratda gürrüňiň Meňli bilen Magtymguly baradadygyna düşünýär. Ýöne Hurma Jumamyradowanyň aýra düşen aşyk-magşugyň duýgularyny ajaýyp suratda beýan edip bilendigini bellemelidiris.

Orazgeldi Öwezow hem sergä köp surat getiripdir. Ol bu ýere gelenleri Güller, Güller we almalar, Almaly natýurmort ýaly gülli natýurmortlar, şeýle hem Ak daglar peýzažy bilen geň galdyrdy. Orazgeldiniň çeken suratlarynyň hemmesi-de öwüşginli, gujurdan doýgun, post-impressionizm usulynda çekilen.

Aleksandr Kinýakiniň Bagşy atly suraty grafika, şygar we surat žanrlarynyň utgaşmasy bilen döredilipdir. Biziň öňümizde aýdym aýdýan aýal bagşynyň şatlykly ýüzi, arkarakda bolsa onuň sungatyny söýýän we gadyryny bilýän obadyr şäherleriň sudury şekili bar. Eser ýerine ýetirilişiň özboluşlylygy we aýal bagşynyň edil janly ýaly, aýdym aýdyp duran ýüzi bilen özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
06.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda