Halkara festiwalyň çäklerinde milli lybaslar görkezildi

Halkara festiwalyň çäklerinde milli lybaslar görkezildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki Türkmeniň Ak öýi binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreler geçirilýän desgasynda guralan aýdym-sazly dabara milli lybaslaryň görkezilişine bagyşlandy. Bu ýerde Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri türkmen, özbek hem-de gazak halklarynyň milli lybaslaryny görkezdiler.

Iki sagatlap dowam eden ajaýyp dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Züleýha Kakaýewa, Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dosmämmet Söýünow, Leýli Ökdirowa ýaly sahna ussatlary hem joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Dabara halkara festiwalyň çägindäki ajaýyp moda baýramçylygyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Moskwada geçirilen Lomonosow 2026 Uniwersiadasynda baýrakly orunlary eýelediler
Türkmen talyplary Moskwada geçirilen Lomonosow 2026 Uniwersiadasynda baýrakly orunlary eýelediler
Uçurym talyplaryň döredijilik başarnyklary
AŞGABAT AZIADASYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY