Uçurym talyplaryň döredijilik başarnyklary

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda diplom goragynyň ilkinji tapgyry başlandy.Talyplar alty ýylyň dowamynda toplan bilimlerini, çeperçilik ukyplaryny diplom eserlerinde beýan edip, öz üstünliklerini subut etdiler.Sungat ojagynda bir ýylyň dowamynda talyplara şahsy döredijilik eserini döretmäge uly mümkinçilik döredilýär. Şol bir wagtyň özünde halypa mugallymlar sungat eserleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklap, gymmatly maslahatlaryny berýärler.

Diplom işini döretmek üçin talyplara ylmy maglumatlary toplamaga uly mümkinçilikler döredilýär.Olar tejribelik sapaklara gatnaşyp, kitaphanalara, muzeýlere, teatrlara we halypa suratkeşleriň ussahanalaryna baryp döredijilik şahsyýeti hökmünde zehinini kämilleşdirýärler.

Bilim ojagynda goralan diplom eserlerine Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri, şahyrlar we görnükli alymlar, sungatşynaslar, taryhçylar, ylmy işgärleriň birnäçesi gatnaşyp ýokary baha berdiler.Alymlaryň we halypa suratkeşleriň berýän teklipleri hem-de ýerlikli maslahatlary talyplaryň dünýägaraýşyna uly täsir edýär.

Ussatlaryň maslahatlary uçurymlara döredijilik ýoluny dogry saýlamaga has-da itergi berýär.Ilkinji bolup heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uçurymlary ýaş heýkeltaraşlar çykyş etdiler.Uçurym Serdar Jumaýew Türkmen milli toýy atly diplom eserinde kejebeli düýäni we atly türkmen ýigidini suratlandyrýar. Ýaş heýkeltaraş gelinalyjyny suratlandyrmak bilen, kejebäniň suduryny, onuň nagyşlaryny we düýäniň bezeglerini sünnäläp ýerine ýetiripdir.

Talyp Amangül Nuryýewanyň Türkmen tebigaty atly heýkel eserinde Garagum sährasyndaky keýikleriň maşgalasy görkezilipdir.Eseriň merkezindäki keýikokaranyň ýanynda keýikleriň heýkel şekilleri jemlenipdir.Heýkeltaraşlyk bölüminiň zehinli talyplary Züleýha Baýramgulyýewa, Ýusup Çaryýew we Durdymyrat Allaberdiýew şu ýylyň şygaryna bagyşlap Türkmen ahalteke bedewleri atly uly göwrümli eseri döredipdirler.

Bäş sany atdan ybarat bolan heýkeltaraşlyk taslamasynda atlaryň ýyndamlygy, hereketleriniň çeýeligi suratlandyrylýar. Öňe okdurylyp barýan atlaryň keşbinde bedew bady bilen özgerýän ýurdumyzyň kuwwaty açylyp görkezilýär.Talyp Seýrangeldi Berdiýewiň Bilimler güni atly heýkeltaraşlyk eserinde okuwyň ilkinji gününe badalga berilýän jaň sesini şowhuna öwürýän bagtyýar okuwçylaryň keşbi suratlandyrylypdyr.

Nakgaşlyk kafedrasynyň on alty sany uçurym talyby diplom eserlerini nakgaşlygyň üç ugry boýunça ýerine ýetirdiler.Diplom goragynda stanok nakgaşlygy, monumental nakgaşlygy we teatr sahna bezeg nakgaşlygy hünärleri boýunça döredilen eserler görkezildi.

Aýzada Perlekowanyň Bilimler we talyp ýaşlar güni atly eseri üç bölekden ybarat bolup, häzirki zaman mekdepleriň durky, kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýän okuwçylaryň şadyýan we höwesli keşpleri şekillendirilýär.Beýleki zehinli talyplaryň geçmiş taryhymyz, milli sungatymyz we däp-dessurlarymyz, bagtyýar çagalygymyz, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleri wasp edilen nakgaşçylyk eserleri diplom goragyna gatnaşan halypalarymyzyň berekellasyny gazandy.

Azat ANNAÝEW, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
11.04.2018 | Resmi habarlar
06.08.2018 | Resmi habarlar
Prezident Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine käýinç’ yglan etdi