11.04.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary Jumageldi Geldimyradowiç Garaýewiň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Suwhanow Begmyrat Hojamyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwanç Orazmyradowiç Berdiýew Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babagylyç Esenowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran №4/1 karary tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmyrat Gurbannazarowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine saýlamak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran №5/1 karary tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Ýazmyrat Halmyradowiç Abaýew Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Orazdurdy Meýlisowiç Suhanow Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Merdan Orazmyradowiç Myradow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Aşgabat şäheriniň “Aşgabat — Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň taslamasyny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Weli Gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2020-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi we gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Balkan welaýatynyň häkimi Satlykow Satlyk Baýjanowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýew Mämmet Guldurdyýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin Lebap welaýatynyň häkimi Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin Mary welaýatynyň häkimi Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine hem-de alnyp barylýan gurluşyklaryň hiline gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Selimow Soýençnazar Nurnazarowiçe käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany