Halkara gatnaşyklar institutynda diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi

Halkara gatnaşyklar institutynda diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar şygary bilen geçirilýän 2023-nji ýyla bagyşlanan sergi bilen tanyşlyk bilen başlandy.

Soňra türkmen diplomatik işgärleriniň baýramyna bagyşlanan Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow halkara maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag Ýüzlenmesini okady. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýazi, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa we başgalar çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlaryna Türkmenistanyň ussat diplomaty atly tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaş diplomatlaryny hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplaryny Ministrligiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň bilim ministri Kataryň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Arkadag şäherinde Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede atly halkara Dialog geçirildi
Aşgabatda Halklaryň dostlugy ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili atly ýaşlaryň halkara maslahaty geçirildi
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
HGI bilen Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy
Halkara gatnaşyklary institutyna täze rektor bellenildi
Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar