Türkmen küştçüleri Müsürde geçirilýän çagalaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşýar

Türkmen küştçüleri Müsürde geçirilýän çagalaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşýar

Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky çagalaryň arasyndaky dünýä çempionaty başlandy. Oňa 67 döwletden 504 türgen gatnaşýar.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, dünýä birinjiliginde 6 türgen Türkmenistana wekilçilik edýär. Gyzlaryň arasynda Dünýä Ruslanowa (8 ýaşa çenli), Perwana Serdarowa (10 ýaşa çenli) we Nebahat Myradowa (12 ýaşa çenli), oglanlaryň arasynda bolsa Maksat Öwlýägulyýew (8 ýaşa çenli) hem-de Rauf Ýusupow (12 ýaşa çenli) dünýä birinjiliginde Türkmenistanyň adyndan çykyş edýär.

Türkmenistanly küştçüler eýýäm ýaryşdaky deslapky partiýalaryny oýnadylar we oňat netije görkezdiler. Has takygy, Nebahat Myradowa (12 ýaşa çenli) Gazagystandan we Wengriýadan gelen garşydaşlaryny ýeňen bolsa, Rauf Ýusupow (12 ýaşa çenli) çehiýaly we meksikaly küştçülerden üstün çykmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Lebapda şaşka boýunça welaýat birinjiligi geçirildi
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Türkmenistanly küştçi gyzlar Batumide geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar
Aşgabatda halkara tennis ýaryşy geçirilýär