Halkara gatnaşyklaryndaky rowaç menziller

Halkara gatnaşyklaryndaky rowaç menziller

Heňňam döräli bäri ýürekdeşligi, maksada okgunly öňegidişlikleri, lebzi halallygy, goňşy halklary we dünýä döwletleri bilen ysnyşykly parahatçylyk ýörelgeleri bilen tanalýan ýurt bu biziň ata Watanymyz Türkmenistandyr.Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, birnäçe iri halkara guramalaryň edara binalarynyň öňünde ýaşyl reňkli mukaddes türkmen Tugumyzyň buýsançly parlap durmagy, bu halkara gatnaşyklarynyň häzirki wagtda hem dowamatynyň dowamdygyny dünýä äşgär edýär. Şeýle iri halkara hyzmatdaşlyklaryň özeninde bolsa, ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de halk hojalygynyň beýleki möhüm ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, şeýle-de, olary dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady durýar.

Täze taryhymyzyň şöhratly sahypalaryna nazar aýlanymyzda, bu pikir ýöretmelerimiziň hakykat ýüzündäki beýanyna göz ýetirýäris. Şu gün 12-nji oktýabrda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Maslahatyň dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alşyldy.Geljekde syýasat, söwda-ykdysady we medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylmaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem mejlise gatnaşanlar 2025-nji ýylda GDA-da Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görmek we ony bellemek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy baradaky, GDA-nyň Çempionaty baradaky, GDA-nyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň Meýilnamasy baradaky Çözgütler bilen bagly möhüm taslamalary we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň dowamynda GDA ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze pikirler we taslamalar teklip edildi. Ylym-bilim ulgamynda bilelikdäki işleriň geljegine seredildi. GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minskde geçirmek barada çözgüt kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
7-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Belarusda Döwlet baýdagynyň gününi baýram etdiler
23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Daşary Ýurtlarda Hem Bellenilip Geçilýär