Halkara gatnawlaryň ýolagçylary üçin düzgünleri neşir edildi

Türkmenistan awiakompaniýasy ýolagçylar üçin halkara gatnawlarda uçuş wagtynda berjaý edilmeli düzgünleri mälim etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Daşary ýurda syýahat etmegi meýilleşdirmezden ozal, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web sahypalarynda ýerleşdirilen häzirki epidemiologik talaplary bilen tanyşmak maslahat berilýär. Her bir ýolagçy barmaly ýurdunyň epidemiologik talaplaryna laýyklykda hereket etmelidigi bellenilýär.

Neşir edilen çäklendirmelerde dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli häzirki wagtda hereket edýän çäklendirmeler döwründe barmaly ýurdunyň talaplaryna laýyk gelýän resminamalaryň (COVID-19 barlagynyň netijeleri, doldurylan anketalar, saglyk kepilnamalary, dürli görnüşler we formulýarlar, şeýle hem beýleki hökmany resminamalar) bolmadyk ýa-da talabalaýyk resmileşdirilmedik halatynda, awiakompaniýa ýolagçyny howa gämisiniň bortuna kabul etmeklikden ýüz öwürmäge hukugynyň bardygy aýdylýar.

Türkmenistandan gidýän ýa-da gelýän ýolagçylar barýan ýurtlarynyň düzgünleri bilen öňünden hökmany ýagdaýda tanyşmalydyrlar. Çäklendirme döwri (möhleti), her bir ýurduň döwlet talaplaryna görä bellenilýändigi habar berilýär.

Halkara gatnawlar bilen uçuşlary meýilleşdirýän raýatlaryň berjaý etmek düzgünleri:

— COVID-19 ýokanjynyň ýokdugy baradaky türkmen ýa-da rus we iňlis dilindäki kepilnamasyny bermeli (uçuşdan öň 48 sagatdan köp geçmedik wagtda berlen) hem-de COVID-19-a garşy öňüni alyş sanjymynyň geçirilendigini tassyklaýan resminamasy.

Eger-de bu resminama bolmadyk ýagdaýynda ýolagçy howa gämisine goýberilmeýär.

— COVID-19 bilen baglylykda ýolagçynyň ýerleşýän ýeri we saglyk ýagdaýy baradaky resmi kagyzynyň görnüşini (forma) doldurmaly (COVID-19 ýokanjy bilen baglylykda ýolagçynyň saglyk ýagdaýy we ýerleşýän ýeri barada forma).

Bu resmi kagyzynyň görnüşi (forma) howa gämisine münülmezinden ozal howa menziliniň terminalynyň bellige alnyş nokadynda berilýär we ýolagçy tarapyndan 2 (iki) nusgada doldurylýar. Şeýle hem bu resmi kagyzynyň görnüşini (forma) şu ýerde ýükläp bilersiňiz.

— howa menziliniň terminalynda we uçuşyň dowamynda howa gämisiniň içinde lukmançylyk agyz-burun örtügini dakmaly (demgysma howpy zerarly 5 ýaşa çenli çagalar agyz-burun örtügini ulanmaly däldir). Agyz-burun örtüklerini her 2 sagatdan çalyşmak maslahat berilýär.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap ähli halkara gatnawlary togtadylypdy. Ýakyn günlerde Birleşen Arap Emirliklerine we Germaniýa halkara uçur gatnawlaryny dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Bu ýurtlara uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar.

Ýene degişli makalalar

Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar
“Tut” haryt nyşanly arassa agyz suwunyň önümçiliginiň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti ilata örtükleriň ulanylýan we zerur däl ýerlerini düşündirmegi tabşyrdy
Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Türkmenabatda suw turbasy ýaryldy, 12 sagatlap suw bolmady