Türkmenistanyň Prezidenti ilata örtükleriň ulanylýan we zerur däl ýerlerini düşündirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti ilata örtükleriň ulanylýan we zerur däl ýerlerini düşündirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewe ilatyň arasynda agyz-burun örtükleriniň ulanylýan ýerleri we olaryň zerur däl ýerlerini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, bu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini — gazet-žurnallary we teleradioýaýlymlary işjeň peýdalanmaly.Agyz-burun örtüklerini dakynmaklyk ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň möhüm bölegidir. Öň habar berşimiz ýaly, 1-nji iýundan başlap, Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtükleri aýryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde degişli teklibi makullady.

Ýene degişli makalalar

Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar
“Tut” haryt nyşanly arassa agyz suwunyň önümçiliginiň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär
Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Halkara gatnawlaryň ýolagçylary üçin düzgünleri neşir edildi
Türkmenabatda suw turbasy ýaryldy, 12 sagatlap suw bolmady