Halkara Gün güni

1994-nji ýyldan bäri dürli ýurtlarda 3-nji maý Gün güni ýa-da Halkara Gün güni diýip bellenilýär. Ýer üçin Gün kosmiki energiýanyň güýçli çeşmesidir. Gün ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin zerur bolan ýagtylygy we ýylylygy üpjün edýär we ýer atmosferasynyň iň möhüm aýratynlyklaryny emele getirýär.

Umuman, Gün Planetanyň ekologiýasyny kesgitleýär. Şeýle bolmasa, durmuş üçin zerur howa bolmazdy. Howa doňan suwy we buzly ýerleriň töwereginde suwuk azot ummanyna öwrülerdi. Ýer togalygy üçin ähmiýeti uly bolan Gün planetamyzda ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan energiýa we ýagtylyk çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Gün biziň ýyldyzymyzdyr. Gün, ýel, deňiz tolkunlary hemişe töweregimizde we ulanmak aňsat bolan energiýa çig malydyr. Ol radioaktiw galyndylaryň döremegine eltmeýär we zäherli galyndylary asla öndürmeýär. Bu gaýtadan dikeldilýän energiýanyň tükeniksiz çeşmesi hasaplanýar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekmek we Günüň ýerdäki ýaşaýyş üçin möhümdigini ýatlatmak maksady bilen halkara Gün energiýasy jemgyýetiniň Ýewropa bölümi we meýletin esasynda her ýylyň 3-nji maýynda Halkara Gün güni bellenilýär. Dürli ýurtlardan höwesjeňler we hünärmenler, jemgyýetçilik guramalary we hususy kompaniýalar Gün energiýasynyň mümkinçiliklerini görkezmek bilen baglanyşykly çäreleri guraýarlar.

Şemşat NURYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy
Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi
Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary indi başga planetalardaky wagty hem görkezýär
Kosmos barada täze maglumatlary toplady
Aýdaky suwuň içilip bilinjekdigi mälim edildi
Dünýä Meşhur Ýaşlary Duşuşdyran “NEXT by TRT World Forum” Ýokary Derejede Geçirildi